- peselmek
- işlik1) Boýy kemelmek, tekizligi bozulyp, bir ýeri çökmek, pes bolmak.2) Aşak düşmek, azalmak, aşaklamak.∙ Agşama ýakynlar daşgyn peselip ugrady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Suwuň meseleni bilen peseleniniň onjakly tapawudyny hem bilip duramok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)3) Saglygyň ugry gaçyp başlamak, erbetleşmek, ýaramazlaşmak.∙ Syrkawyň haly peselýär.4) Gymmaty, nyrhy azalmak, kemelmek, arzanlamak.∙ Pagtanyň sortuny garyşdyrsak, bahasy peseler. («Bahar»)5) Ýuwaşamak, gowşamak, haýallamak.∙ Ýaz ysyn göterip şemaljyk geldi, Şonda ýagýan garyň bady peseldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.